Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 76-njy sessiýasyna gatnaşdy

  • 14.10.2025 21:22
  • 3.7k+

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 76-njy mejlisine gatnaşdy. BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda geçirilen mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Mejlisiň dowamynda Komitetiň geçen ýylky işleri boýunça netijeler ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki döwür üçin iş maksatnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginde gazanan netijeleri barada habar berdi. Onuň belleýşi ýaly, halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, Türkmenistan 2024-nji ýylda dünýäde raýatsyzlygy ýok etmek maksadyny göz öňünde tutýan BMG-niň “#IBelong” atly Ählumumy kampaniýasyny üstünlikli tamamlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalarynyň we ygrarlylygynyň netijesinde, 32 müňden gowrak raýatsyz adama Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek baradaky resminamalaryň berilendigi nygtaldy.
Türkmenistan bosgunlaryň we raýatsyz adamlaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen täze maksatnamalary işläp düzmekde BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Müdirligi bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirýär.
Sessiýanyň çäginde A.Sazakow BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary Filippo Grandi bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, bosgunlaryň we raýatsyz adamlaryň hukuklaryny goramak boýunça ynsanperwer ugurda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmeginiň ähmiýetini nygtadylar.
Öz gezeginde Filippo Grandi bosgunlar meselelerine berýän aýratyn üns we goldawy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......