Serdar Berdimuhamedow Duşenbede GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

  • 10.10.2025 18:16
  • 6.9k+

Şu gün — 10-njy oktýabrda Duşenbedäki «Kasri Millat» köşgünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Sammitiň işine Arkalaşyga girýän ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle-de GDA-nyň Baş sekretary gatnaşdy. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklygynda geçirilen sammitde jemi 20 sany mesele döwlet Baştutanlarynyň garamagyna hödürlenildi. Ýokary derejeli duşuşykda halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary, şol sanda dünýä we sebit derejesinde howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Arkalaşygyň çäginde syýasy dialogy çuňlaşdyrmak, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmek meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy. Şeýle-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenip, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe sammitinde eden çykyşynda halkara syýasatyň häzirki ýeňil bolmadyk şertlerinde GDA-nyň hormat goýmak we deňhukukly özara gatnaşyklaryň formaty hökmünde özüni görkezýändigini, oňa gatnaşyjylaryň arasynda daşary syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer we beýleki soraglar boýunça gurluşlaýyn dialogyň alnyp barylýandygyny belledi. Arkalaşygyň giňişliginde howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň durnukly ulgamyny saklap galmak, geçirilýän syýasy-diplomatik geňeşmeleri ösdürmek we olaryň mowzugyny giňeltmek, bu düzümiň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns çekildi.
Serdar Berdimuhamedow ykdysady ulgamy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezip, bu babatda durmuşa geçirilýän işlerde esasy ugur görkeziji bolup durýan GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş Strategiýasyny doly derejede amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda ulag ulgamyny ösdürmek, Hazar sebitiniň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini artdyrmak, söwda, senagat we tehnologik zynjyrlary döretmek, GDA ýurtlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki önümçilik taslamalaryny meýilleşdirmek, tehnologik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, medeniýet, ylym-bilim, sport ulgamlarynda özara gatnaşyklary goldamak bilen bagly teklipleri hem beýan etdi.
Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, sammite gatnaşyjylaryň ählisini bu şanly sene mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......