Hytaýly alymlar ilkinji gezek Arktikanyň buzunyň aşagyna adam tarapyndan dolandyrylýan çümmek işini geçirdiler

  • 08.10.2025 07:29
  • 10k+

Hytaýly ummany öwrenijiler Arktikanyň buzunyň aşagynda ilkinji adam tarapyndan dolandyrylýan çuňluga çümmek işini geçirdiler. Geçen hepde tamamlanan ekspedisiýa polýar ekoulgamynyň ýagdaýy barada täze maglumatlary berdi diýip, Interesting Engineering ýazýar.

Üç aýlap “Sýuelun-2” buz döwüji gämisiniň ýolbaşçylygyndaky ylmy flotiliýa Demirgazyk Buzly ummanyň barmasy kyn ýerlerinde barlaglary geçirdi. Yzygider geçirilen suwa çümmek işleriniň dowamynda döwrebaplaşdyrylan “Szýaolun” batiskafy aşa pes temperatura şertlerinde rekord çuňluga ýetdi.
Alymlar ilkinji gezek galyň buzuň aşagynda adam tarapyndan dolandyrylýan we pilotsyz apparatyň işini üstünlikli utgaşdyrdylar. Taslamanyň tehniki müdiriniň sözlerine görä, sähelçe ýalňyşlyk aragatnaşygyň kesilmegine sebäp bolup bilerdi.


Ekspedisiýa ozal mälim bolmadyk çuň deňiz jandarlaryny goşmak bilen, 183 sany biologiki nusgany ýygnady. Umman düýbündäki çökündiler müňýyllyklaryň dowamynda howanyň üýtgemegini öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýedir .
Ylmy toparyň wekili adaty trallama usullarynyň deňziň näzik  jandarlaryny gorap saklamaga mümkinçilik bermeýändigini aýtdy. Maglumatlary gaýtadan işlemek üçin emeli aňy we ekologiki DNK-seljermesini ulandylar, bu görnüşleri kesgitlemegi çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Ýygnalan materiallar Hytaýyň barlag merkezlerine geçirildi. Barlagçylar täze maglumatlaryň global maýlamaklygyň Arktikanyň ekoulgamyna edýän täsirini çaklamaga kömek eder diýip umyt bildirýärler.


şu gün 10:53
201

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
955

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....