Türkmenistan Duşenbede «DITE-2025» sergisinde syýahatçylyk mümkinçiligini görkezdi

  • 30.09.2025 09:59
  • 5.5k+

18–20-nji sentýabr aralygynda Duşenbe şäherinde «DITE-2025» halkara syýahatçylyk sergisi (Dushanbe International Tourism Exhibition) geçirildi. Türkmenistanyň syýahatçylyk şereketleri bu sergide ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezdiler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berdi.

Çärä Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri, şol sanda «Eşretli Syýahat», «Hazar Travel», «Jahana», «Gadymy miras», «Halkara Syýahat» we «Aşgabat Syýahat» ýaly şereketleriň wekilleri gatnaşdy. Türkmen şereketleriniň sergileri we diwarlyklary tebigy landşaftlaryň, binagärlik ýadygärlikleriniň we ýurdumyzyň medeni mirasynyň dürlüligini görkezdi.

Serginiň çäginde türkmen şereketleriniň wekilleriniň we daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirmegi-de öz içine alan işewürlik maksatnamasy-da amala aşyryldy. Bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri, tejribe alyş-çalşy we halkara hyzmatdaşlygy artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Durnukly syýahatçylygy ösdürmäge we syýahatçylyk pudagyna maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, forumyň we serginiň çäginde olara gatnaşýan ýurtlaryň adaty şahana tagamlaryny görkezýän Milli tagamlar festiwaly geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti bu çärelere BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwiliniň we Täjigistanyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça komitetiniň başlygy Jamşed Jumahonzodanyň çakylygy boýunça gatnaşdy.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......