Alymlar taryhy taýdan ygtybarly şekilleri döretjek emeli aňy işläp düzýärler

  • 29.09.2025 12:19
  • 7.9k+

Sýurih uniwersitetiniň gadymy taryh professory Feliks K.Maýer bilen programmist Filipp Ştrebel bilelikde emeli aň esasynda işleýän täze surat generatoryny döredýärler. Ol gural Gadymy Rim we Gadymy Gresiýa döwründen taryhy taýdan hakykata ýakyn sahnalary şekillendirmäge ukyply bolar.

Taslama Re-Experiencing History («Taryhy gaýtadan başdan geçirmek») adyny aldy. Model ylmy edebiýatlaryň hem-de gadymy çeşmeleriň esasynda taýýarlanypdyr. Alymlar şol maksat bilen bir wagtyň özünde üç dürli surat generatoryny ulanýarlar, bu bolsa häzirki giňden ýaýran AI ulgamlarynda duş gelýän käbir ýalňyşlyklardan gaça durmaga ýardam edýär.
Taslamanyň maksady taryhy has aýdyň görkezmek we gyzykly görnüşde ýetirmekdir. Ulanyjylar kitapdaky şekilleriň ýa-da filmlerdäki kadrlaryň ýerine, ýörite taýýarlanan AI modelleri we ýönekeý interfeýs arkaly özleriniň islendik taryhy sahnany janlandyryp bilerler.
Barlagçylar antik döwrüň islendik ýagdaýyny diýen ýaly gaýtadan şekillendirip, ony «başdan geçirmegiň» taryhy kontekste has gowy düşünmäge we geçmişe gyzyklanmany artdyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtaýarlar.

Häzirki wagtda ulgam diňe Sýurih uniwersitetiniň talyplary we işgärleri üçin elýeterli, ýakyn wagtda bolsa ony giň jemgyýetçilik üçin açmak meýilleşdirilýär.


şu gün 10:53
899

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....