Serdar Berdimuhamedow ABŞ-da Şweýsariýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 25.09.2025 13:51
  • 5.2k+

ABŞ-da BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisiniň geçirilýän günlerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, dostluk we düşünişmek esasynda yzygiderli giňeldilýär. Halkara giňişlikde Türkmenistan hem, Şweýsariýa hem bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu aýratynlyk halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Şeýle hem söhbetdeşler söwda, maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar.
Maliýe ulgamy, derman senagaty, “ýaşyl” energetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, dostlukly halklary ýakynlaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýändigini, bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýtdy we hanym Karin Keller-Zutteri bu iri çärä gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň, halkara dialogy berkitmek, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......