Haýsy ýurtlarda howa menzilleri has köp: infografika

  • 25.09.2025 14:05
  • 6.3k+

Howa gatnawlary global aragatnaşykda möhüm orun eýeläp, yklymlaryň arasynda söwdany, syýahatçylygy we medeni alyş-çalşygy üpjün edýär. MAG-yň Bütindünýä maglumat kitapçasynyň (The World Factbook) maglumatlarynyň esasynda taýýarlanan infografikada häzirki günde dünýäniň dürli ýurtlarynda näçe howa menziliniň we aerodromlaryň bardygy görkezilýär.

Howa duralgalarynyň sany boýunça uly aratapawut bilen ABŞ öňdebaryjydyr. Bu ýerde 16 116 howa menzili bolup, bu ýurduň çäginiň uly bolmagy, dürli landşaftlar we sebit awiagatnaw ulgamynyň ösen bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu ikinji orny eýeleýän Braziliýadan (5 297) üç esse köpdür. ABŞ-da howa menzilleri uly bolmadyk ýerli uçuş-gonuş zolaklaryndan başlap, uly halkara merkezlerine çenli üýtgeýär.
Hytaýda ýagdaý başgaça. Ilat sanynyň we çägiň uludygyna garamazdan, bu ýerde bary-ýogy 552 howa menzili bar. Munuň esasy sebäbi ýokary tizlikli demir ýollara köp üns berilmegidir. 2024-nji ýylda demirýol ulgamynyň uzynlygy 45 000 kilometre ýetdi. Demir ýollar beýleki ýurtlarda uçarlaryň ýerine ýetirýän sebit we şäherara ugurlarynyň aglabasyny üpjün edýär. Mundan başga-da, Hytaýyň ilaty gündogar welaýatlarda jemlenen, ABŞ-da we Braziliýada bolsa ol deňölçegli ýaýrandyr. 


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......