Türkmen talyplary WSDG 2025 halkara ylmy bäsleşikde ýeňiş gazandylar

  • 24.09.2025 10:27
  • 1.7k+

Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary halkara derejesindäki «Bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bäsleşigi – 2025» (WSDG 2025) atly ýaryşda üstünlik gazandylar.

Bäsleşik Malaýziýanyň Multimediýa uniwersiteti we Malaýziýanyň ýaş alymlar birleşigi tarapyndan onlaýn görnüşde guraldy. Oňa Malaýziýadan, Indoneziýadan, Tailanddan, Filippinlerden, Gazagystandan, Rumyniýadan we Braziliýadan gelen ylmy işleriň arasynda jemi 2100-den gowrak taslama gatnaşdy.
Türkmen talyplary ekologiýa meselelerini çözmäge we durnukly ösüşi goldamaga gönükdirilen innowasion işleriniň üçin ýokary baýraklara mynasyp boldular:

«WSDG Innovation Grand Award» Gran-pri baýragy we altyn medal himiýa-tehnologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedowa berildi. Ol «Durnukly ösüş üçin ýaşyl sement öndürmegiň ylmy esaslary» atly işinde sement önümçiliginiň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çözgütleri hödürledi.

Altyn medal we ýörite «Durnukly ösüşde iň gowy innowasiýa» baýragy 3-nji ýyl talyplary — himiki tehnologiýa fakultetinden Aýmyrat Halnazarowa hem-de himiýa inženerçiligi fakultetinden Jemal Şaripowa berildi. Olaryň «Senagat galyndysy bolan fosfogipsden arassa gips almagyň innowasion usullary» atly işi fosfogipsi ygtybarly we ykdysady taýdan peýdaly usul bilen gaýtadan işläp, arassa gurluşyk gipsini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Bu taslamalar amaly himiýa kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlarynyň kandidaty Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirildi.
Bäsleşige gatnaşanlaryň ylmy işleriniň netijeleri bilen şu salgydan tanşyp bolýar.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....