Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň ýolbaşçylaryny Milli güni bilen gutlady

  • 23.09.2025 11:29
  • 3k+

23-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda we ýurduň ähli doganlyk halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda ýurdumyzyň Saud Arabystany bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny belläp, Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berilýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine döwletara dialogyň bar bolan mümkinçilikleriniň doly herekete getiriljekdigine berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň we külli musulman ymmatynyň bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyzda medet bersin!” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow arzuwlaryny beýan etdi.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......