Raşid Meredow Dohada Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy

  • 15.09.2025 10:31
  • 9k+

14-nji sentýabrda Dohada Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Mariam bint Ali bin Nasser Al-Misnad bilen duşuşdy. Duşuşyk Kataryň paýtagtynda duşenbe güni geçirilmegi meýilleşdirilen adatdan daşary arap-yslam sammitine taýýarlyk duşuşygynyň çäklerinde geçirildi diýip, Orient habar berýär.

Kataryň QNA habar gullugynyň maglumatyna görä, taraplar Türkmenistanyň we Kataryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini hem-de özara gyzyklanma döredýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşary işler ministrleriniň taýýarlyk maslahaty 14-nji sentýabrda Kataryň premýer-ministri, daşary işler ministri şeýh Muhammet bin Abdel Rahman bin Jasem Al Tani tarapyndan geçirildi. Oňa Arap döwletleri ligasynyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agza döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Mundan ozal Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi beýanat bilen çykyş edip, Ysraýylyň Dohadaky ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarypdy.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......