Türkmenistan "Gudrat" we "Jahan" gämileri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi

  • 13.09.2025 17:43
  • 13k+

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy «JAHAN» buksir gämisinde düýpli bejeriş işlerini geçirmek we zerur ätiýaçlyk şaýlaryny hem-de enjamlary satyn almak boýunça, şeýle hem «Gudrat» gämisine degişli ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän kompaniýalar guramanyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny, aragatnaşyk maglumatlaryny hem-de Türkmenistandaky wekiliniň görkezilen maglumatlaryny öz içine alýan ýazmaça arza tabşyrmalydyr. Şeýle-de, soňky üç ýylyň maliýe ýagdaýy barada maglumatlary we öňki iş tejribesi baradaky maglumatlary hödürlemek zerurdyr.
Bäsleşik resminamalarynyň toplumynyň bahasy ABŞ-nyň 250 dollaryna (GBS bilen birlikde) barabar. Ýerli kompaniýalar tölegi milli pulda geçirip bilerler. Gulluk bäsleşik resminamalarynyň taýýarlygy bilen baglanyşykly çykdajylar üçin jogapkärçilik çekmeýändigini belleýär.
Arzalar 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabryna çenli, ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär. Bäsleşik teklipleri bolsa 2025-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli tabşyrylmalydyr.
Resminamalar taslamanyň ady görkezilen bukjalarda şu salga iberilmeli:
745000, Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 «A», Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy.

Goşmaça maglumat üçin telefonlar:
+993 (65) 54-44-51
+993 (243) 6-07-46, 6-07-42
faks: 6-07-44


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......