Daşoguz welaýatynda täze şäherçe we awtomobil köprüleri açyldy

  • 12.09.2025 11:33
  • 19k+

11-nji sentýabrda Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň hem-de awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasy boldy.

Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, welaýatyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Täze köprülerden ilkinji awtoulaglar geçip başlady. Döwrebap ýol-ulag desgalary awtoulaglaryň iki tarapa hem bökdençsiz hereket etmegini üpjün edýär. Köprüleriň ugrunda germewler, yşyklandyryş ulgamlary çekilipdir.
Soňra dabara gatnaşyjylar Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine bardylar.

Dabara gatnaşyjylar täze şäherçede döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.
Bitaraplyk şäherçesi 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, önümçilik maksatly häzirki zaman desgalaryny özünde jemleýär. Şeýle hem bu ýerde körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar bagy hereket edýär. Onda ýaş toparlarynyň aýratynlyklary nazara alnyp, çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ähli şertler döredilipdir.

Täze şäherçäniň 420 orunlyk orta mekdebinde ösüp gelýän nesliň döwrebap bilim almagy, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, bu ýerde 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriji gullugyň desgasy, seýilgäh bar. Täze şäherçede gurlan söwda merkezinde alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär.
Şäherçäniň açylyş dabarasy bagtyýar ýaşaýjylaryň jaý toýlary we beýleki dabaralar bilen utgaşdy. Ýurdumyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, täze şäherçedäki bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynda-da hemme zerur şertler döredilipdir. Döwrebap jaýlaryň giň we ýagty otaglary iň täze hojalyk enjamlary bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar amatly durmuş gurşawyny döredýär. Olaryň gurluşygynda ýurdumyzda öndürilen häzirki zaman binagärlik, bezeg serişdeleri ulanyldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylyp, köçeleriň ugrunda, mellek ýerlerinde dürli bag nahallary oturdylypdyr.







düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......