Köneürgenç etrabynda täze Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasy geçirilýär

  • 11.09.2025 10:58
  • 11k+

Şu gün, 11-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasy geçiriler. Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylary gutlady.

Döwlet Baştutany Täze ýol geňeşliginde açylýan täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesi hem ýurdumyzyň depginli ösüşleriniň özboluşly beýany bolup durýandygyny belleýär. "Bu şäherçe ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär" diýlip, gutlagda bellenilýär.
Şäherçede 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, geňeşligiň edara binasy, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, 420 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, saglyk öýi, 500 orunlyk toý mekany, şeýle hem önümçilik maksatly häzirki zaman desgalary guruldy.

"Bu desgalaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barýan türkmen telekeçileri tarapyndan gurulmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu bolsa ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, Watanymyzyň öndürijilik kuwwatyny artdyrmak boýunça tutumly işleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär" diýip, döwlet Baştutany belleýär. 


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......