Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

  • 14.08.2025 15:08
  • 1.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň ähli halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz yzygiderli pugtalandyrylýan we kämilleşdirilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtamak bilen, netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Pakistan Garaşsyzlyk gününi her ýylyň 14-nji awgustynda baýram edýär. 1947-nji ýylda şol gün ol Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny alýar.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......