11-nji awgustdan Aşgabatdan Türkmenbaşa awtobus gatnawlarynyň sany artdyryldy

  • 11.08.2025 17:27
  • 10k+

«Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça hereket edýän awtobus gatnawlarynyň sanyny üçe çenli artdyrdy.

Awtobuslar Aşgabatdaky Halkara awtomenzilinden sagat 10:00, 10:30, 11:00 ugrap, Türkmenbaşy şäherindäki awtomenzile 21:00, 21:30, 22:00 barýarlar. Bir tarapa ýol petegiň bahasy 65 manat.
Aşgabat-Türkmenbaşy ugrundan başga-da, Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça hem gatnawlar dowam etdirilýär. Aşgabat-Awaza ugrunyň ýol petegi ulular üçin 75 manat, 5 ýaşdan 13 ýaşa çenli çagalar üçin bolsa 37,5 manat bolýar.
Awtobuslar Aşgabat — Awaza ugry boýunça her gün iki gezek gatnaw amala aşyrýarlar. Paýtagtdan ugralýan wagty 06:00 we 06:30 bolup, awtobuslar Halkara awtomenzilinden ugrap, ýol wagty sekiz sagat dowam edýär.
Awtobus gatnawlarynyň ähli ugurlary boýunça ýol peteklerini resmi web sahypasyndan — auh.com.tm — we «Şäherara bilet» atly mobil goşundysyndan onlaýn görnüşde satyn alyp bolýar. Mundan başga-da raýatlaryň bu ugurlaryň sanyny has-da artdyrmak barada islegleriniň göz öňünde tutuljadygy barada «Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ habar berýär.
Goşmaça maglumat almak üçin ýolagçylar aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bilerler: (+993 12) 44-35-20, 861 49 34 95.


düýn 09:43
3.7k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......