Asuda hem çet: Filippinlerdäki kenar dynç alyş üçin iň gowusy diýlip saýlandy

  • 14.05.2026 16:06
  • 3.7k+

Filippinleriň Palawan welaýatyndaky Entalula dynç alyş kenary «World’s 50 Best Beaches 2026» reýtinginde birinji orny eýeledi. Iň arassa we çola kenarlaryň sanawyny «Time Out» neşiri taýýarlady.

Ikinji orunda Gresiýanyň Kefaloniýa adasyndaky Fteri-Biç, üçünji orunda bolsa Awstraliýanyň Uorton-Biç kenary ýerleşdi. Olaryň yzyndan Madagaskardaky Nusi-Iranýa we Fijiniň Womo adasyndaky Ist-Biç kenarlary gelýär.

Reýting sekiz ölçeg esasynda düzülýär. Olaryň arasynda landşaftynyň özboluşlylygy, ýabany tebigatyň bolmagy, daşky gurşawyň eldegrilmesizligi, «ses landşafty» (adamlaryň döredýän goh-galmagalynyň ýoklugy), suwa girmegiň aňsatlygy, suwuň asudalygy, adamlaryň köp bolmazlygy we howa şertleriniň gowy bolmak ähtimallygy bar.

Sanawy düzen bilermenler esasy faktorlar hökmünde dynç alyş kenarynyň çola ýerde ýerleşmegini we ekoulgamynyň abat bolmagyny belleýär. Kenarlaryň köpüsinde ýa syýahatçylyk infrastrukturasy ýok, ýa-da olara diňe suw ýoly arkaly baryp bolýar.

Birinji ýerdäki Entalula kenary hek daşly gaýalar we palma agaçlary bilen ak çägelikden ybarat bolup, ol ýere diňe gaýykly baryp bolýar. Fteri-Biç suwunyň durulygy, Uorton-Biç bolsa delfinlere tomaşa etmek we sýorfing bilen meşgullanmak üçin amatly şertleri bilen bellidir.

Reýtinge Italiýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Irlandiýa, ABŞ, BAE, Tailand, Indoneziýa, Seýşel Adalary, Braziliýa we Günorta Afrika Respublikasy ýaly 30-dan gowrak ýurduň dynç alyş kenarlary girdi.


23.06.2026 09:50
4.8k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.4k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.9k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......