Türk myhmanhanalary syýahatçylyk ýollanmalaryň bahasyny aşak düşürýärler: dynç almak üçin arzanladyşlar 25%-e ýetýär

  • 10.05.2026 22:08
  • 8.5k+

Şu ýylyň mart aýynda Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy halkara ýagdaýlaryň durnuksyzlygy sebäpli, öňünden bron edilýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli azalandygyny hasaba aldy. Bu barada Türkiýäniň Ekonomim gazeti Reuters-iň seljermelerine salgylanyp habar berýär.

2026-njy ýylyň tomus möwsümine bolan islegi artdyrmak üçin ýerli turoperatorlar we myhmanhana eýeleri bahalary köpçülikleýin aşak düşürip başladylar. Olar 20–25% möçberinde arzanladyşlary hödürleýärler, käbir ýagdaýlarda bolsa ýollanmalary hatda öz bahasyna (peýda goýmazdan) satýarlar.

Seljerijileriň maglumatlaryna görä, mart aýynyň başynda daşary ýurtly syýahatçylaryň «garaşmak» ýörelgesini saýlandyklary sebäpli, bronlaryň sany takmynan iki esse azaldy. Şeýle-de bolsa, aýyň ahyryna çenli ýagdaý az-kem durnuklaşyp başlady.

Mart aýy boýunça ýurda 2,46 million daşary ýurtly syýahatçy geldi (5% ösüş). Birinji çärýekde syýahatçylaryň jemi sany 6,84 million adama ýetdi (geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,2% köp). Bu möwsümde pudagyň girdejisi 4,2% artyp, 9,9 milliard dollara ýetdi.

Ýöne birinji çärýegiň oňyn netijelerine garamazdan, bilermenler ikinji çärýekde bazara bolan basyşyň güýçlenip biljekdigini duýdurýarlar. Hususan-da, Ýewropanyň nemes dilli ýurtlaryndan gelýän bronlaryň sanynda takmynan 5% peselme hasaba alyndy.

Türkiýäniň häkimiýetleri 2026-njy ýyl üçin syýahatçylykdan geljek girdejini 68 milliard dollar derejesinde kesgitlediler. Hünärmenleriň pikiriçe, bu belent maksada ýetmek üçin telekeçiler işjeňlik bilen täze bazarlary gözlemeli we baha syýasatyny has-da kämilleşdirmeli bolarlar.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......