11-nji awgustdan Türkmenbaşy halkara howa menziline gatnawlar ýerine ýetirilip başlanar

  • 31.07.2025 20:00
  • 13k+

"Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki howa gatnawlarynyň täzelenen tertibini çykardy.

Täze tertibe laýyklykda, 2025-nji ýylyň 11-nji awgustyndan başlap Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat ugurlary boýunça uçar gatnawlary täzeden başlanar. Türkmenbaşy halkara howa menzili döwrebaplaşdyryş işlerinden soň ýene-de ýolagçylara hyzmat edip başlar. Bu ugur boýunça gatnawlar 1-nji sentýabra çenli her gün ýerine ýetiriler.
Şol bir wagtda, Balkanabat howa menzili hem işini dowam etdirer. Ol ýurduň beýleki welaýatlaryndan gelen gatnawlary kabul eder.

Täzelenen tertipde Aşgabat bilen welaýatlaryň arasynda hem-de welaýatlaryň çäklerinde ýerine ýetirilýän gatnaw ugurlary hem görkezilýär.


15.04.2026 08:15
1.3k+

Sanlylaşdyrma we medeni miras: «Turkmentravel – 2026» sergisi we forumy nähili geçýär

Habar berşimiz ýaly, Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bu çäre türkmen we daşary ýurtly syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň arasynda göni......

14.04.2026 14:24
1.5k+

Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» halkara sergisi açyldy

Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumyň gatnaşyjylaryna gutlag hatyny ýollady....

21.03.2026 07:40
1.8k+

Aşgabatda aprel aýynda «Turkmentravel – 2026» syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seredilen esasy meseleleriň biri «Turkmentravel – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk boldy. Çäreleri şu ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

27.01.2026 22:15
15k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar...