Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» halkara sergisi açyldy

  • 14.04.2026 14:24
  • 1.6k+

Aşgabatda «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumyň gatnaşyjylaryna gutlag hatyny ýollady.

«Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralýan bu halkara forumyň syýahatçylyk pudagynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigine berk ynanýaryn» – diýlip, resmi metbugatda çap edilen gutlagda bellenilýär.

Prezident syýahatçylygy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurduň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygyny nygtady.

«Sergä ýurdumyzyň we dünýä döwletleriniň syýahatçylyk kärhanalarynyň gatnaşmagy özara tejribe alyşmaga, birek-biregi alnyp barylýan işler, täze taslamalar bilen ýakyndan tanyşdyrmaga uly ýardam berer. Halkara maslahatyň dowamynda geçiriljek iş duşuşyklary, okuw we ylmy-amaly maslahatlar, syýahatçylyk gezelençleri bu çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrar» – diýip, döwlet Baştutany belledi.

Prezidentiň aýtmagyna görä, ýurtda baý halkara tejribesini hasaba almak bilen, milli syýahatçylyk pudagy kemala geldi we onuň hukuk, ykdysady hem-de durmuş esaslary döwrebaplaşdyryldy. Bu ugurda halkara sergileriň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi pudagy kämilleşdirmekde hem-de ugurdaş düzümler bilen gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

«Şeýle halkara sergileriň we maslahatlaryň geçirilmegi Garaşsyz ýurdumyzyň taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerini, gözel ýerlerini mahabatlandyrmakda hem-de olara daşary ýurtly syýahatçylary çekmekde möhüm ähmiýete eýedir» – diýip, Prezident gutlagynyň ahyrynda gatnaşyjylara berk jan saglyk we syýahatçylyk pudagyny ösdürmek ugrundaky işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


şu gün 09:50
3.5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.7k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
5.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
7.1k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......