Hazarýaka döwletleriniň bilermenleri durnukly ösüş we dolandyryş boýunça okuw geçýärler

  • 15.07.2025 14:40
  • 3.5k+

14-nji iýulda Aşgabat şäherinde iki hepdelik «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy. Okuwlar Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, nebit-gaz toplumynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlykda guramagynda geçirilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Okuw sapaklaryna Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň Hazar sebitiniň dürli ugurlary bilen baglanyşykly iş alyp barýan ekologlary, diplomatlary, serhet gullugynyň işgärleri, nebit pudagynyň hünärmenleri, gidrometeorologlary, gidrograflary, hukukçylary, ykdysatçylary, ulag pudagynyň işgärleri, balykçylyk pudagynyň we degişli beýleki pudaklaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Okuw sapaklarynyň maksatnamasy adatça, deňiz giňişligini meýilleşdirmek boýunça işjeň moduly öz içine alýar. Şeýle hem, okuw sapaklarynyň çäginde ilkinji gezek Milli ýurisdiksiýanyň çäginden daşynda biodürlüligi saklamak hakynda ylalaşyk boýunça ýörite seminary geçirmek meýilleşdirilýär.
Okuw sapaklarynyň açylyş dabarasynda Halkara ummanlar institutynyň dolandyryjy direktory Antonella Wassallo, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, okuw sapaklarynyň direktory Parwin Farşçi we wideoaragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen Halkara ummanlar institutynyň hormatly prezidenti Awni Behnam çykyş etdiler.

Çärä gatnaşyjylar Hazar deňziniň gepleşikler ýolunyň oňyn ösüşini hem-de Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüş pikilerini we mehanizmlerini ilerletmekde goşan goşandyny bellediler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......