Jons Hopkins uniwersitetiniň emeli aňy ýüregiň birden durmak howpuny 93%-e çenli takyklyk bilen anyklaýar

  • 08.07.2025 17:33
  • 3.5k+

Jons Hopkins uniwersitetiniň alymlary ýüregiň birden durmak howpuna degişli alamatlary ýokary takyklyk bilen ýüze çykarýan emeli aň algoritmini işläp düzdüler.

Model hassalaryň doly lukmançylyk maglumatlaryny, şol sanda öňki ýürek MRT (magnit-rezonans tomografiýa) barlaglaryny hem seljerýär we ölüm howpuny ýokarlandyrýan dokumanyň, ýagny fibrozanyň bardygyny-ýokdugyny kesgitleýär.
Neýrotor her 200-500 adamdan birinde duş gelýän we nesil yzarlaýan gipertrofiki kardiomiopatiýa keseline diagnoz goýmak üçin döredildi. Bu kesel, esasan-da, ýaşlarda we bedene fiziki taýdan agram berlende (agyr zat götermek, çendenaşa agyr maşklary ýerine ýetirmek we ş.m.), ýüregiň birden durmagyna, netijede, ölüme getirip bilýär. Töwekgelçilige duçar boljaklaryň, takmynan, ýarysyny anyklap bilýän adaty usullardan tapawutlylykda, täze ulgam 89% takyklyk görkezýär; 40-60 ýaş aralygyndaky hassalarda bolsa bu görkeziji 93%-e çenli ýetýär.
Barlagyň awtory Natalýa Traýanowanyň bellemegine görä, bu tehnologiýa haýsy hassalara hakykatdanam kardiodefibrillýatory (ýüregiň urşuny kadalaşdyrýan enjam) oturtmagyň zerurdygyny, haýsysyna bolsa zerur däldigini has dogry kesgitlemäge mümkinçilik berer. Onuň sözlerine görä, bu gereksiz hirurgiki bejerişlerden gaça durmaga we hakyky howp astyndaky hassalara wagtynda kömek etmäge ýardam berer.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......