Uelsiň paýtagtynda şäher seýilgähiniň aşagyndan bürünç asyrynyň mazary tapyldy

  • 04.07.2025 18:32
  • 6.2k+

Britaniýanyň Kardiff şäherindäki Trelaý seýilgähiniň aşagyndan meýletinçi  arheologlar bürünç eýýamynyň mazaryny tapdylar. Tapyndylar takmynan b.e. öňki 1500-nji ýylda gurlan tegelek jaýyň gapdalyndan tapyldy. Bu bina bu ýerden iki ýyl ozal gazylyp tapylypdy.

Hünärmenleriň pikirine görä, mazaryň jaýa golaý bolmagy bu ýeriň gadymy ýaşaýjylar üçin "aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny" görkezýär. Megerem, bu ýerde bir maşgalanyň agzalary jaýlanan bolsa gerek.
Bu iş häzirki wagtda täze tapyndylaryň ähmiýetini kesgitlemäge synanyşýan “Kerrounyň we Eliniň mirasynyň dikeldilmegi (Caerau and Ely Rediscovering (CAER) Heritage Project) taslamasynyň bir bölegidir. Olar arheologik zolagyň ozal çak edilişinden has uly bolup biljekdigine ynanýarlar.


Trelaý seýilgähi gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak we itleri gezdirmek üçin meşhur ýerdir. Ol milli ähmiýetli medeni mirasyň desgasy bolan Kerau şäher harabaçylygyndan ýarym mil uzaklykda ýerleşýär. Ozal ol ýerden neolit döwrüniň, demir asyryň, rim we orta asyr eýýamlarynyň artefaktlary tapylypdy.
CAER taslamasy Kardiff uniwersiteti, Action in Caerau and Ely (ACE) jemgyýetçilik guramasy, ýerli mekdepler, ýaşaýjylar we mirasy goramak ulgamyndaky hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylýar. Häzir seýilgähde arheologik barlaglaryň dördünji tapgyry gidip dur.


şu gün 10:53
1.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....