Türkmenistanda ynsanperwerlik wehimlerine jogap bermek boýunça tegelek stol geçirildi

  • 30.06.2025 17:34
  • 3.6k+

28-nji iýunda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde tegelek stol geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen çärä ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Çärede goňşy sebitlerde ýüze çykan syýasy ýagdaýy göz öňünde tutup, daşary ýurtlaryň howa gämilerine Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hyzmat etmegi, türkmen-eýran serhedindäki ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň gije-gündizleýin işlemegini üpjün etmegi we agzalanlar bilen baglanyşykly ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy öz içine almak bilen Türkmenistanyň ugurdaş düzümleri tarapyndan toplumlaýyn işleriň ýerine ýetirilendigi bellenildi.

Migrasiýa dolandyryşy, amaly gurallary alyşmak we çylşyrymly ýagdaýlara garşy çäreleri görmekde mümkinçilikleri artdyrmak babatynda öňdebaryjy halkara çemeleşmeleri girizmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy we beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berildi.
Gatnaşyjylar şeýle hem, halkara hünärmenleriň we ynsanperwer guramalaryň gatnaşmagynda adatdan daşary migrasiýa ýagdaýlaryna dessin jogap bermegiň amaly mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Çylşyrymly ýagdaýlarda milli düzümler bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda täsirli we utgaşdyrylan aragatnaşygy ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Çäräniň ahyrynda taraplar migrasiýa pudagynda ýüze çykyp biljek kynçylyklara garşy taýýarlygy üpjün etmekde hyzmatdaşlygy has hem berkitmäge we tejribe alyşmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.


düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......