And daglarynda ýitirilen Tiuanako siwilizasiýasynyň ybadathanasy tapyldy

  • 28.06.2025 11:03
  • 5.2k+

Arheologlar adybir meşhur arheologik toplumdan, takmynan, 215 km günorta-gündogarda Boliwiýanyň günortasyndaky gadymy Tiuanako siwilizasiýasynyň ybadathanasyny tapdylar. Bu açyş hakynda Antiquity žurnalynda habar berildi.

Bu toplum depäniň üstünde ýerleşip, oýda ýerleşen gönüburçly howluly modul desgasy görnüşindedir. Onuň ölçegleri – takmynan, uzynlygy 125 metr we ini 145 metr. Içinde 15 sany gönüburçly bina bar. Pensilwaniýa uniwersitetiniň barlagçylarynyň we olaryň boliwiýaly kärdeşleriniň pikirine görä, ybadathana gije-gündiziň deňleşmesinden soň däp-dessurlary geçirmek üçin ulanylypdyr.
Tiuanako siwilizasiýasy häzirki And daglarynyň çäginde ýaşapdyr we takmynan müň ýyl ozal ýitipdir. Alymlar muny inkleriň öňbaşçylary hasaplaýarlar.


Palaspata (sebitiň adyna görä) diýlip atlandyrylýan ybadathana üç söwda ýolunyň: Titikaka kölüniň hasylly ýerleriniň, Altiplano öri meýdanlarynyň we Koçabamba jülgeleriniň çatrygynda ýerleşipdir.
Ýüzleý gatlakdan mekgejöwenden edilen çiçe içgisi içmek üçin ulanylýan keru gap-gaçlarynyň bölekleri tapyldy. Bu ybadathananyň däp-dessur we söwda funksiýasyny görkezýär.
Ýerli fermerler depe hakda bilseler-de, onuň aşagynda harabalyklaryň bardygyny bilmeýärdiler.


22.06.2026 23:12
3.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.8k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......