Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy

  • 28.06.2025 02:57
  • 7k+

27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi.

Hiroýuki Subaý Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda bu ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda beýan eden teklipleriniň we başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekip, häzirki wagtda bu teklipleri iş ýüzünde amala aşyrmaga girişilendigini aýtdy. Özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi.
Döwlet Baştutany iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň gaz we himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýdyp, Türkmenistanda döredilen amatly şertleri hasaba almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmekde Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň alyp barýan işi aýratyn ähmiýete eýedir.
Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň ýurdumyzda birnäçe iri taslamalaryň gurluşygyna gatnaşandygyny belläp, Türkmenistanyň bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.

Işewür Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalaryna netijeli işlemäge döredilýän hemmetaraplaýyn amatly şertler üçin Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň ýurdumyz bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......