Serdar Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

  • 28.06.2025 02:51
  • 6.4k+

27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Işewür Arkadag şäheriniň uly ösüşlere eýe bolýandygyny belläp, döwlet Baştutanyny şäheriň iki ýyllygy mynasybetli gutlady.
Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady gatnaşyklar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Işewürlik düzümleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklar hem hil taýdan täze derejä çykarylyp, üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy nygtaldy.
Türkmenistan «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu kompaniýanyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutany hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmek we ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasy bilen işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow geljekde-de bu iri ýapon kompaniýasy bilen bilelikde özara bähbitli täze taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirip, Kendzi Sanada alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......