Watikanyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi 28 ýyldan soň Türkmenistandaky işini tamamlaýar

  • 24.06.2025 19:21
  • 8.7k+

Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Anjeý Madeý 28 ýyldan soň Aşgabatda işini tamamlady. Anjeý Madeý 23-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda R.Meredow dostlukly gatnaşyklary öňe itermekde goşan şahsy goşandy üçin jenap Madeýe minnetdarlyk bildirdi.
Öz gezeginde jenap Madeý Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk dörediji işine hem-de konstruktiw daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzda diplomatik işini durmuşa geçirmäge ýardam berendigi üçin ol Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Şeýle-de taraplar geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gatnaşyklarynda ynsanperwerlik gymmatlyklaryny öňe sürmegiň zerurlygyny bellediler. 


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......