Türkmenistan BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy

  • 10.06.2025 22:07
  • 3.5k+

Türkmenistan 4-6-njy iýun aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçisi, Türkmenistanyň BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili B.Rejepow ýolbaşçylyk etdi.
Çärä türkmen BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa sebiti üçin Komissiýasynyň agzasy bolan 38 ýurduň wekilleri hem gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda sebitdäki syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň esasy meseleleri, şol sanda agza ýurtlaryň mundan beýläk hem bilelikde hyzmatdaşlyk etmek babatynda ylalaşan häzirki zaman kynçylyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Syýahatçylyk guramasynyň çäginde öňe sürülýän başlangyçlara işjeň gatnaşýan Türkmenistanyň milli we sebit derejesinde syýahatçylyk pudagynyň ösmegine uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmek babatynda häzirki zaman çemeleşmeleri girizmäge, şeýle hem Türkmenistanyň baý medeni we tebigy mirasyny dünýä arenasyna çykarmaga aýratyn üns berýär.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......