NASA we Pentagon SpaceX-iň raketalarydyr kosmos gämilerine oruntutar gözleýär

  • 09.06.2025 13:47
  • 2.5k+

NASA we Pentagon (ABŞ-nyň Goranmak ministrligi) SpaceX bilen bäsleşýän kompaniýalara ýüzlenip, olary öz raketa daşaýjylarynyň we kosmos gämileriniň işlenip taýýarlanyşyny çaltlandyrmaga çagyrdy. Bu ýagdaý SpaceX kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň arasyndaky düşünişmezlikden soň ýüze çykdy. Şol düşünişmezligiň dowamynda, Ak tamyň ýolbaşçysy hökümetiň SpaceX bilen baglaşan şertnamalaryny ýatyryp biljekdigini inkär etmedi.

«The Washington Post» neşiriniň maglumatlaryna görä, Maskyň «Dragon» kosmos gämilerini ulanyşdan aýyrmak ähtimallygy baradaky beýanaty resmi wekilleri aladalandyrdy. Bu ýagdaý NASA-nyň astronawtlary Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ugratmak üçin serişdesiz galmagyna sebäp bolup bilerdi. Soň Mask bu meýilnamasyndan el çekse-de, aladalar galmady. Sebäbi edaralar uçarmanly uçuşlar, emeli hemralaryň uçurylmagy we Pentagonyň gizlin missiýalary ýaly möhüm maksatlar boýunça «SpaceX» kompaniýasyna örän garaşly.
Häzirki wagtda häkimiýetler beýleki kompaniýalar bilen gatnaşyklary güýçlendirdi. Rocket Lab, Stoke Space we Jeff Bezosa degişli Blue Origin ýaly kompaniýalara taslamalarynyň häzirki ýagdaýy boýunça soraglar bilen ýüz tutuldy. NASA «Sierra Space» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Soň kompaniýanyň ýolbaşçysy Fatih Özmen özleriniň «Dream Chaser» atly kosmos gämisiniň entek «Kennedi kosmos merkezinde soňky synag we integrasiýa tapgyryndadygyna» garamazdan, HKS-a hyzmat etmäge taýýardygyny mälim etdi. Fatihiň sözlerine görä, olar «Dream Chaser» kosmos gämisiniň astronawt daşap bilýän görnüşini hem taýýarlaýarlar.
Mundan başga-da, ABŞ-nyň Kongresi «Boeing» kompaniýasyndan «Starliner» gämisiniň ýagdaýy barada jikme-jik maglumat sorady. Gäminiň 2026-njy ýylda uçurylmagyna garaşylýar, ýöne taslama meýilnamadan yza galýar. Üstesine-de, geçen ýyl astronawtlar bilen geçirilen ilkinji uçuşda «Starliner» kosmos gämisinde şeýle bir köp mesele ýüze çykypdy welin, NASA adamlary Ýere gaýtaryp getirmek üçin ol gämini ulanmak ýüz öwrüpdi.
Ilon Mask haýbat atmakdan el çekenem bolsa, Pentagonyň resmi wekilleri milliarderiň duýdansyz kararlarynyň hatda goranyş bilen bagly taslamalara-da, mysal üçin, hemralar esasynda döredilýän raketadan goranyş ulgamlaryna-da täsir edip biljekdiginden howatyrlanýarlar. Häzirki wagtda SpaceX üçin alternatiwa örän az: «Falcon 9» raketalary öň görlüp-eşidilmedik ýygylykda uçurylýar, «United Launch Alliance» bilelikdäki kärhanasynyň «Vulcan» raketasy ýa-da «Blue Origin» kompaniýasynyň «New Glenn» raketasy ýaly bäsdeşleri bolsa, entek doly synaglardanam geçenok.


24.06.2026 17:10
2.2k+

SpaceX paýnama bahasynyň peselmeginden soň ilkinji gezek $20 milliardlyk obligasiýalary ýerleşdirer

SpaceX kompaniýasy öz taryhynda ilkinji gezek, takmynan, 20 milliard dollar möçberinde maýa goýum obligasiýalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär....

19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......