Microsoft takyk howa çaklamalary üçin Aurora EA modelini hödürledi

  • 26.05.2025 17:07
  • 3.6k+

Microsoft howany çaklamak üçin niýetlenen täze Aurora EA modelini hödürledi. Modeliň iş netijeleri bilen gözleg Nature žurnalynda neşir edildi.

Fiziki deňlemelere esaslanýan adaty usullardan tapawutlylykda Aurora diňe arhiw maglumatlary bilen okadyldy. Bu hem ýokary takyklygy saklamak bilen, hasaplaýyş çykdajylaryny onlarça, hatda ýüzlerçe esse azaltmaga mümkinçilik berdi. Köp ýagdaýda Aurora halkara meteo-merkezlerinden has gowy netijeleri görkezdi. Ýewropanyň orta möhletli çaklamalar merkezi (ECMWF) bilen deňeşdirmeleriň 92%-inde Aurora 10 gün öňünden has takyk global çaklamalary berdi.
Mysal üçin, model 2023-nji ýylyň ähli harasatlaryny, şol sanda Filippinlere inen Doksuri taýfunyny takyk çaklady. Resmi çaklamalar tupanyň Taýwandan demirgazyga süýşjekdigini aýdýarka, Aurora onuň ugruny we zarba wagtyny öňünden kesgitledi. Pensilwaniýadan inženerlik professory Paris Perdikarisiň aýtmagyna görä, ilkinji gezek EA häzirki meteorologiýa merkezlerinden has takyk boldy.
Bilermenler ýakyn ýyllarda hakyky wagtda hemra we ýerüsti maglumatlary ulanyp biljek EA ulgamlaryny ösdürmegiň möhüm boljakdygyny çaklaýar. Microsoft Aurora-nyň täjirçilik taýdan ornaşdyrylmagynyň howa gözegçiligine bolan çemeleşmäni üýtgedip biljekdigini belleýär.


25.06.2026 10:21
4.3k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 15:47
10k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....