Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy gowşurdyldy

  • 25.05.2025 18:42
  • 6.4k+

Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýene 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin çakylyk haty gowşuryldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çakylygy Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň diplomatik geňeşçisi Elizabette Bellonina gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda öňde boljak çäräniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagat gelýändigi hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljekdigi nygtaldy.
Taraplar, şeýle hem, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we esasanam ÝB bilen Merkezi Aziýanyň Daşary işler ministrleriniň ýubileý duşuşygyndan we “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammitinden soň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösüşini bellediler. Ilçi Pälwanow ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy.
Türkmen tarapy, ÝB bilen energetika, ulag, möhüm çig mal serişdeleri, bilim we ylmy-tehniki alyş-çalyş ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleler boýunça dialogy geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Iki tarap hem ykdysadyýet we ynsanperwer gatnaşyklardan başlap daşky gurşawy goramak ýaly giň ugurlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini, şol bir wagtyň özünde durnukly ösüşi we halkara parahatçylygy goramak boýunça umumy tagallalara ygrarlydyklaryny tassykladylar.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......