Türkmenistan Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

  • 23.05.2025 15:26
  • 2.6k+

20-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

“Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” ady bilen geçirilen mejlisiň işine Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň  daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, seljeriş we ylmy-gözleg merkezleriniň bilermenleri, maliýe guramalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini, şol sanda howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ykdysady ösüşi üpjün etmäge hususy pudak bilen maliýe düzümleriniň goşandyny giňeltmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýeti çykyşynyň dowamynda ulag-logistika, energetika, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça derwaýys meseleleri we başlangyçlary beýan etdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......