Türkmenistan we BMG ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar

  • 22.05.2025 20:12
  • 1.5k+

21-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýer bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we geljegine giňişleýin garadylar hem-de Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine goşýan goşandyny bellediler.
R.Meredow ýurdumyzyň ýaşlarynyň BMG-niň, ÝUNISEF-iň we ÝUNESKO-nyň maksatnamalary ýaly halkara başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny habar berdi. Ýaşlary DÖM-e ýetmek işlerine çekmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, ministr DÖM-iň ýaş ilçileriniň Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forum ýaly ählumumy meýdançalarda Türkmenistana wekilçilik etmek bilen, ýurdumyzyň ählumumy gün tertibine ýetmekdäki goşandyny görkezýändiklerini nygtady.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň “Ýaşlar 2030” strategiýasynyň maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy, Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy tassyklanyldy.
Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň maý aýynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň geçirilmegiň ähmiýeti barada aýdyldy.
Taraplar ýurdumyzyň ýaşlaryny we ýetginjeklerini goldamaga, sebit we halkara derejede geçirilýän çärelerde olaryň wekilçiligini giňeltmäge gönükdirilen 2025–2027-nji ýyllar üçin “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýurdumyzyň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly halkara gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň dialogynyň işini goldamak boýunça işleri dowam etdirmäge meýillidigi nygtaldy.
Öňde boljak çäreler mowzugyna degip geçmek bilen, taraplar 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) çäklerinde geçiriljek Ýaşlar forumy LLDC3 bilen bagly meselelere degip geçdiler.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......