Arheologlar Goňurdepäniň Oks siwilizasiýasyndaky möhüm ornuny açyp görkezdi

  • 19.05.2025 22:31
  • 7.4k+

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Goňurdepedäki guburlaryň jaýlanyş dessurlary, planigrafiýasy we hronologiýasy boýunça giňişleýin barlag geçirdiler. Alnan netijeler Goňurdepäniň bürünç eýýamynda Merkezi Aziýada gülläp ösen we soňra ýitip giden Oks siwilizasiýasynyň (Baktriýa-Margian arheologik toplumynyň) administratiw hem-de dini merkezi bolandygyny subut etdi. Bu barada geçirilen gözlegiň netijeleri «Wostok (Oriens)» ylmy žurnalynda çap edildi.

Marguşyň paýtagty Goňurdepe («şalaryň we hudaýlaryň şäheri» diýlip hem atlandyrylýar) – b.e. öňki 2300-1700-nji ýyllarda häzirki Türkmenistanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň çäklerinde gülläp ösen gadymy medeniýetdir. Ol Gadymy Müsür, Hindistan, Hytaý we Mesopotamiýa bilen bilelikde «dünýä medeniýetiniň ilkinji bäş ojagynyň biri» hasaplanylýar. Gadymy şäher 1972-nji ýylda arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa tarapyndan açylypdy.
Goňurdepäniň hronologiýasy 170-den gowrak radiouglewodorod seljermesiniň giň toplumy esasynda düzüldi. Netijeler ähli guburlaryň jaýlanyş dessurlarynyň birmeňzeş bolandygyny, ýagny däpleriň durnukly saklanandygyny görkezýär. Ulular jaýlananda, ortaça, 4,8 gap-gaç goýlan bolsa, çagalaryňky bary-ýogy 1,1. Bu maglumatlar gadymy jemgyýetde adam statusynyň mazar däplerine täsir edendigini görkezýär.
Geçirilen gözlegler Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň we Etnologiýa we antropologiýa institutynyň hünärmenleriniň ýakyn hyzmatdaşlygynyň netijesinde amala aşyryldy. Alnan netijeler Merkezi Aziýanyň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň häzirki wagtda Garagum çölüniň çäginde gizlenen syrly dünýäsine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär.


şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

25.06.2026 17:08
11k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......