Gurbanguly Berdimuhamedow "KazanForum 2025-de" birnäçe başlangyçlary öňe sürdi

  • 17.05.2025 13:51
  • 4.9k+

16-njy maýda Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşdy.

Forumyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň guramaçylyk komitetiniň başlygy Marat Husnullin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň foruma gatnaşyjylara iberen Ýüzlenmesini okady.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda yslam dünýäsiniň ählumumy ykdysady ösüşde öňdebaryjylaryň biri hökmünde çykyş etmegi üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Biziň ýurtlarymyz demografiýa, tebigy serişdeler, geografik ýerleşiş ýaly ugurlarda ajaýyp görkezijilere eýedir. Tehnologik dereje gyşarnyksyz ösdürilýär. Maliýe we guramaçylyk mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar, ylym-bilim binýady berkidilýär. Bularyň ählisi dürli ugurlarda iri, ösüş maksatly taslamalary öňe sürmekde gowy şertler bolup durýar, ählumumy ykdysady we maýa goýum giňişliginde yslam dünýäsine degişli ýurtlaryň ornuny hem-de ähmiýetini artdyrýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow yslam döwletleriniň Ýewraziýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli yklymy baglanyşdyrýan bitewi energetika, ulag we tehnologik guşagyny döredip biljekdiklerini belledi. Hyzmatdaşlygyň şeýle görnüşi amala aşyrylan ýagdaýynda, energiýa serişdeleriniň, harytlaryň, hyzmatlaryň gysga ýol arkaly eltilmegi üpjün ediler. Şonuň netijesinde, uly giňişlikler, kuwwatly senagat we çig mal merkezleri birleşdiriler. Strategik babatda şeýle guşak ählumumy özara gatnaşyklaryň köprüsi bolup biler. Munuň bolsa haryt-nyrh syýasatyna, umuman, dünýä ykdysadyýetiniň ähli ýagdaýyna oňyn täsir edip biljekdigi gürrüňsizdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz teklip eden «Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek» strategiýasyny iş ýüzünde işjeň ilerledýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Türkmenistan yslam ýurtlarynyň bähbitleriniň utgaşykly bolmagyny, olaryň özara düşünişmegini gazanmak, ykdysady hyzmatdaşlygyň bähbitlidigine we geljeginiň uludygyna düşünmek üçin diplomatiýany gural hökmünde netijeli ulanmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Türkmenistan bu kadalary iş ýüzünde durmuşa geçirýär, ilkinji nobatda, olary Aziýada giň möçberli we uzak möhletleýin energetika, ulag hem-de üpjünçilik ulgamlaryna degişli taslamalary amala aşyranda ulanýar. Bu ýerde gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Merkezi we Günorta Aziýany Ýakyn hem-de Uzak Gündogar bilen baglanyşdyrýan demir ýollar ýaly halkara ähmiýetli desgalaryň gurluşygy barada barýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu agzalan taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň energetika howpsuzlygynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine, energiýa çig malynyň çeşmeleriniň köp ýurtlara elýeterli bolmagyny üpjün etjekdigine, şeýle hem esasy ulag ýollaryna çykmaga, dürli söwda we täjirçilik gatnaşyklaryny ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, köp durmuş soraglaryny çözmäge şert döretjekdigine ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri yslam ýurtlarynyň raýdaşlyk ornunyň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz yslam maliýe we ykdysady institutlaryna, maýa goýum gaznalaryna ýurtlarymyzyň gatnaşýan halkara ykdysady taslamalaryna iş ýüzünde giňden ýardam bermegi, şeýle hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň derejesinde kabul edilýän strategik çözgütleri amala aşyrmaga gatnaşmagy teklip etdi.
Çykyşynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow yslam dünýäsiniň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň onuň ähli halklary bilen doganlyk, raýdaşlyk we hormat goýmak gatnaşyklaryna düýpli eýerýändigini, bu gatnaşyklary ösdürmäge hem-de berkitmäge, biziň ýurtlarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş bilen bagly işlerine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowa çuň manyly çykyşy we umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary okgunly ilerletmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.


şu gün 07:30
1k+

Bol hasylyň ugrunda: Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni sanly ulgam arkaly sebitlerde dowam edýän ýazky meýdan işlerine we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan iş maslahatyny......

düýn 23:45
2.1k+

Kabulda «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Kabul şäherinde «Merkezi Aziýa – Owganystan» konsultatiw dialogynyň ilkinji mejlisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär....

05.04.2026 19:48
6.2k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäher häkimliginiň binasynyň gurluşygy bilen tanyşdy

Arkadag şäheriniň çägi boýunça häkimligiň ýene bir binasynyň gurluşygy dowam edýär. Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen 4-nji aprelde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tanyşdy diýip, «Watan»......

05.04.2026 19:34
7k+

M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Adaty däl lukmançylyk» otagy açylar

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp,......