Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda “Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” forumyna gatnaşýar

  • 16.05.2025 18:45
  • 15k+

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde  “Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

TDH-nyň habar berşi ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. 
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazana saparynyň dowamynda Russiýanyň ýolbaşçylary, Russiýanyň hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Kazan forumyna wekilçilikli gatnaşmagynyň her ýyl oňa gatnaşyjylaryň arasynda biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmany artdyrýandygyny, Türkmenistanyň Yslam dünýäsinde barha artýan abraýyna, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işinde konstruktiw we döredijilikli ornunyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýändigini aýtmak gerek.
Forumyň çäklerinde her ýyl geçirilýän “Russiýa Halal Expo 2025” halal senagatynyň halkara sergisi geçirilýär. Hemişe bolşy ýaly, şu ýyl hem bu sergide Türkmenistanyň milli ekspozisiýasy köp görnüşliligi, bollugy bilen tapawutlanýar hem-de gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň gyzyklanmasyny döredýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kazana sapary, geçiriljek duşuşyklar we gepleşikler türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we çuňlaşdyrmak prosessinde möhüm waka bolar, şeýle hem ýurdumyzyň Yslam dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklaryny ep-esli pugtalandyrar, birek-birege hormatly, konstruktiw we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze şertleri döreder.


düýn 16:30
539

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......