Türkmenistanyň ilçisi Owganystandaky infrastruktura taslamalary barada pikir alyşdy

  • 16.05.2025 16:23
  • 5k+

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow jemgyýetçilik işleri ministri Mohammad Issa Sani bilen Owganystandaky infrastruktura taslamalary we ýol gurluşygy barada pikir alyşdy.

Taraplar Turgundy gury portunda amaly işleriň başlanmagy, düşürmek we ýüklemek üçin täze ammarlaryň we beýleki desgalaryň gurluşygy, Mazari-Şerif – Hyrat we Hyrat - Gandagar ugurlaryny jikme-jik öwrenmek we taslamasyny düzmek, şeýle hem Turgundy portundan täjirçilik ugurly ýük daşamalaryny artdyrmak maksady bilen bu ýollaryň gurluşygy we demir ýol taslamalaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada 13-nji maýda “Bahtar” habarlar agentligi Jemgyýetçilik işleri ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.
Ministriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Owganystandaky köp sanly demirýol taslamalarynda gözleg we taslama işleri alnyp barylýar hem-de bu pudaga maýa goýup biljek ýerli we daşary ýurt maýadarlaryna gowy maýa goýum şertleri döredilýär.
Duşuşygyň ahyrynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan infrastruktura taslamalarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy we Turgundy – Hyrat demir ýoly Owganystan üçin möhüm üstaşyr ýoly hökmünde häsiýetlendirildi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......