Raşid Meredow BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşdy

  • 14.05.2025 14:04
  • 1.5k+

13-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşdy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Gazagystandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Stiwen O’Malli, BMG-niň Gyrgyz Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Antje Grawe hem-de BMG-niň Özbegistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine Mahl gatnaşdy.
Pikir alyşmalaryň barşynda BMG-niň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, adam hukuklaryny we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýändigi nygtaldy. Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreş, suw we azyk howpsuzlygy, gender deňligi, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça köp sanly başlangyçlaryny durmuşa geçirmek we giňeltmek üçin meýdança öwrüldi.
Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşykly işler, 2023-nji ýylda Arkadag şäherinde döredilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň işi, şeýle hem Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary üçin ilkinji bilelikdäki okuw maslahatynyň geçirilmegi sebitleýin utgaşygyň iş ýüzündäki mysallarynyň hatarynda görkezildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine we mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk we döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär.


düýn 20:55
1.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......