Wýetnamda janly relikt ösümligiň äpet wekili tapyldy

  • 10.05.2025 13:52
  • 4.1k+

Alymlar Wýetnamyň demirgazygyndaky Hoanglýenşon daglarynda ösümlikleriň Marchantiophyta bölümine degişli Blepharostoma vietnamicum atly täze görnüşini açdylar. Açyş wýetnamly, günorta koreýaly we russiýaly alymlaryň bilelikdäki ekspedisiýasynyň netijesinde boldy. Bu barada geçirilen gözlegiň netijeleri «Plants» žurnalynda çap edildi.

Marchantiophytalar Ýerde millionlarça ýyl bäri ýaşaýan gadymy ösümlikler bolup, kök, baldak we ýapraklary bolmasa-da, ekologik ulgamlarda möhüm rol oýnaýarlar. Olar çyglylygy saklaýar, topragyň eroziýasynyň öňüni alýar we daşky gurşawyň ýagdaýyny görkezýän görkeziji bolup hyzmat edýärler.
Täze tapylan Blepharostoma vietnamicum görnüşi öz maşgalasynyň beýleki görnüşlerine garanyňda, ep-esli uly bolup çykdy. Onuň ini 1,25-1,75 mm, uzynlygy bolsa 10-30 mm-e ýetýär. Ýene bir täsin tarapy, täze görnüşde ilkinji gezek iki görnüşli ýag bedenjigi şol bir öýjükde duş geldi. Bu ýagdaý bu ösümligi beýleki görnüşlerden aýdyň tapawutlandyrýar.
Alymlar onuň DNK gurluşyny seljerip, bu görnüşiň ozal açylmandygyny subut etdiler. Täze görnüş häzirki wagtda diňe Hoanglýenşon daglarynda belli, emma onuň beýleki sebitlerde hem bolup biljekdigi çaklanylýar.
Bu açyş tebigatyň henizem näbelliliklere baýdygyny we daglyk sebitleriň biodürlüligiň möhüm merkezidigini görkezýär.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......