Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda iri gurluşyk taslamalarynyň barşy bilen tanyşdy

  • 10.05.2025 12:59
  • 10k+

9-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşyk işleri hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň gurluşygynyň dowam edýän ýerine geldi. Häzirki wagtda gurluşyk işleri bellenilen tertipnama laýyklykda alnyp barylýar.
Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowa wise-premýer B.Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow binalar toplumynyň bezeg aýratynlyklaryna, okuw otaglarynyň enjamlaşdyrylyşyna degişli şekil taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Gahryman Arkadagymyz toplumyň çäginde bina edilýän umumy ýaşaýyş jaýlarynda ähli zerur mümkinçilikleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde institutda işleýän mugallymlar üçin gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň enjamlaşdyrylyşy, otaglarynyň ýerleşdirilişi häzirki döwrüň ruhy bilen sazlaşmalydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabatda gurluşygy meýilleşdirilen “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň binalarynyň şekil taslamalary bilen hem tanyşdy. Şunda çagalar üçin sport we oýun meýdançalary, medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen ýerler, amfiteatr, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin niýetlenen meýdança, beýleki ugurdaş desgalar göz öňünde tutuldy.
Wise-premýer B.Annamämmedow taslamalar baradaky hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda hereket edýän Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň binasynyň könelip, onuň ulanyş möhletiniň geçendigini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, bu kitaphananyň täze binasyny gurmak boýunça şekil taslamalarynyň taýýarlanandygyny aýtdy we olary Milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen içgin tanşyp, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäginde gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Merkezde çagalaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklerinde möhüm ähmiýeti bolan birnäçe ugurlar boýunça gurnaklaryň hereket etjekdigini nazara alyp, sanly tehnologiýalaryň we täzeçil usullaryň netijeli ulanylýan döwründe bu ýerde çagalar kitaphanasynyň gurulmagynyň ähmiýetli boljakdygyny belläp, Milli Liderimiz ugurdaş düzümleriň wekilleri bilen bilelikde onuň amala aşyrylmagyna girişilmelidigine ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň çäginde alnyp barylýan abatlaýyş işlerine degişli taslamalar bilen hem tanyşdy.
Bitaraplyk binasynyň çäginde iki sany muzeý hereket eder. Milli Liderimiz muzeýleriň birinjisinde “Baky ýoluň”, ikinjisinde bolsa “Bitaraplygy” diýen ýazgylaryň ýerleşdirilmeginiň çuňňur mana eýe boljakdygyna ünsi çekdi. Olarda türkmen Bitaraplygynyň taryhy ýoly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyçlary esasynda kabul eden Kararnamalarynyň many-mazmuny öz beýanyny tapmalydyr. Bitaraplyk binasynyň muzeýlerindäki gymmatlyklar ösüp gelýän ýaş nesilleriň Watanymyzyň taryhy ösüşine, dürli döwürlerde gazanan üstünliklerine, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan buýsanjyny has-da artdyrar.
Wise-premýer B.Annamämmedow häzirki döwürde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşygynyň batly depginde dowam edýändigi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Aşgabatda Stomatologiýa merkezi hem gurulýar. Merkeziň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle-de paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň depgini barha ýokarlanýar. Bu ýerde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy hem dowam edýär. Paýtagtymyzyň çäklerinde gurulýan binalaryň hatarynda ýokary amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. Şunda Aşgabat şäheriniň iri ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar.
Soňky ýyllarda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy ugrunda tagalla edýän medeniýet we sungat işgärleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Aşgabadyň gözel künjeginde 4 müň orunlyk Medeniýet merkeziniň gurluşygy hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Şeýle hem hasabatda paýtagtymyzyň etegindäki ýaşaýyş toplumynyň çäginde häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan saglyk öýüniň gurluşygynyň batly depginde dowam edýändigi aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B.Annamämmedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesinde we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeleri hem-de degişli maslahatlaryny berdi.


şu gün 16:05
260

Türkmenistan we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdy

27-nji fewralda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow we Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary S...

şu gün 15:51
322

Türkmenistan we Pakistan parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

25-nji fewralda Pakistanyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Mowlämow Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen  duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...

şu gün 14:08
1.1k+

Döwlet Baştutany 2052-nji ýyla çenli ylmy-lukmançylyk diplomatiýasynyň strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026–2052-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň Milli strategiýasyny taýýarlamagy tabşyrdy. Degişli tabşyryk anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde berildi diýip, TDH habar berýär...

düýn 18:42
3.8k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...