Alymlar antibiotikleriň ornuny tutup biljek molekulany döretdiler

  • 04.05.2025 13:43
  • 1.7k+

Halkara alymlar konsorsiumy antibiotikleriň ornuny tutup biljek, ýöne başgaça işleýän täze molekulany döretdi. Ol bakteriýalary öldürmegiň ýerine, olary adam immunitetiniň öňünde has ejiz edýär, ýagny bedeniň özüne ýokançlyga garşy göreşmäge kömek edýär.

Bu molekula NM102 diýilýär. Ol howply bakteriýalara immunitet ulgamyndan goranmagyna kömek edýän Mfd (Mutation quygylygy Pese gaçmagy) ýörite belogyny bloklaýar. Adamlarda we haýwanlarda beýle belok ýok, şonuň üçin NM102 olara zyýan bermeýär.
Alymlar köp dürli birleşmeleri synagdan geçirdiler we NM102-ni saýladylar, sebäbi ol Mfd belogynyň işleýşine iň oňat päsgel berdi. Şol bir wagtyň özünde ol adam bedenindäki şuňa meňzeş beloklara degmeýär.
Haýwanlar (gurçuklar we syçanlar) bilen geçirilen synaglar NM102-iň diňe bedeniň ýokançlyga garşy göreşýän wagtynda işleýändigini görkezdi. Dynçlyk ýagdaýynda ol bakteriýalara degmeýär. Aýratynam ol Klebsiella pneumoniae и Pseudomonas aeruginosa ýaly çydamly bakteriýalara garşy gowy işledi.
Amatly bolmagy üçin, derman howpsuz we içege mikroflorasyna zyýan bermeýän ýörite nanobölejiklere ýerleşdirildi.
Alymlar molekulany eýýäm patentlediler we indi onuň esasynda täze derman döretmegi meýilleşdirýärler. Olar barlaglarynyň netijelerini Nature Communications žurnalynda paýlaşdylar.


düýn 08:10
4.5k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......