Balkanabat Halkara howa menzili birnäçe halkara güwanamalara mynasyp boldy

  • 03.05.2025 10:35
  • 11k+

2-nji maýda ulanyşa girizilen Balkanabat Halkara howa menzili birnäçe halkara talaplaryna laýyklygy barada birnäçe güwanamalara eýe boldy.

Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Ýewropa we Demirgazyk Atlantika sebiti boýunça direktory Nikolas Rallo täze howa menziliň Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan resmi bellige alnandygy baradaky güwänamany gowşurdy.

Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasynyň (IATA) direktorynyň infrastruktura boýunça orunbasary Dmitriý Kosolapow täze howa menziliniň IATA-nyň talaplaryna laýyklygy boýunça degişli resminamanyň resmileşdirilendigi baradaky güwänamany gowşurdy.

Mýunhen Halkara howa menziliniň howpsuzlyk we durnukly ösüş bölüminiň başlygy Denis Astahow Balkanabat Halkara howa menziliniň halkara standartlara laýyklykda gurlandygy baradaky güwänamany gowşurdy.

«Al-Hatmi Consulting» kompaniýasynyň Baş direktory — taslama boýunça dolandyryjysy Mhoma Abdulhamid Mohammed Ali täze howa menziliniň gurluşygynyň dünýäde bildirilýän talaplara laýykdygy baradaky güwänamany gowşurdy.

Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir. Binada ýolagçylar üçin garaşylýan zallar, petek satylýan kassalar, lukmançylyk, gümrük we migrasiýa hasaba alyş otaglary, internet kafe, sowgatlyk dükan, garbanyşhana, tehniki otaglar we beýlekiler bar.
Şeýle-de howa menziliniň çäginde barlag-geçiriş nokatlary, ýangyn howpsuzlygy we halas ediş gullugynyň binasy, ýöriteleşdirilen ulaglar, aerodrom gulluklarynyň, uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binasy, üsti ýapyk awtoduralga, ýük terminaly, myhmanhana, birnäçe tehniki binalar we beýlekiler bar. Bu ýerde emeli uçuş-gonuş zolagy, öwrüm ýoly, 6 sany howa gämisi, 4 sany dikuçar üçin niýetlenen uçar duralga meýdançasy, dolandyryş diňi göz öňünde tutulypdyr. Dolandyryş diňiniň beýikligi 44,05 metre, umumy meýdany 410,92 inedördül metre deň.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......