Tomusky dynç alyş möwsüminde Balkan welaýatyna ulag gatnawlarynyň sany artdyrylar

  • 02.05.2025 12:45
  • 12k+

1-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk bilen bagly meselelere garalyp geçildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, agentlige degişli myhmanhanalarda dynç alýanlary kabul etmek we olara ýokary hilli hyzmat etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Möwsümde ýolagçy otly gatnawlarynyň tassyklanan tertibinden başga-da, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýolagçy gatnawlaryny guramak, Balkanabat Halkara howa menzili — Türkmenbaşy, Türkmenbaşy demir ýol menzili — Awaza we Aşgabat — Awaza ugurlary boýunça yzygiderli awtobus hem-de Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzillerinden Balkanabat Halkara howa menziline täze ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýmak, gatnawlaryň sanyny artdyrmak meýilleşdirilýär.


şu gün 16:45
541

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.9k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....