Raşid Meredow BAE-niň «Etihad Rail» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy

  • 01.05.2025 23:51
  • 4.1k+

30-njy aprelde daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory Tarik Mohammed Al Falahi bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ulag we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ulag-aragatnaşyk baglanyşyklaryny ösdürmek babatynda port infrastrukturasyny öz içine almak bilen demir ýol, deňiz we howa ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, taraplar söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatynda özara ygrarlylyklaryny bellediler.


düýn 20:46
976

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy 58 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt maýasyna nebitgaz, himiýa we dokma önümleri......

27.06.2026 19:38
5.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
2.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......