Raşid Meredow Somaliniň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

  • 01.05.2025 23:28
  • 2k+

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Somali Federal Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Fathudin Ali Muhammediň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ilçi diplomatik işini Ankara şäherinde oturýan ýerinden alyp barýar.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-somali gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna somali tarapynyň gatnaşmagy meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge üns bermek bilen dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky özara ygrarlylyk tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanda we Somalide geçirilýän halkara ykdysady çärelere gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......