Alymlar doňzuň agzynda adam dişlerini ösdürdiler

  • 30.04.2025 12:25
  • 6.3k+

ABŞ-da Tafts uniwersitetiniň alymlary doňzuň äňinde adam dişlerine meňzeş dişleri ösdürdi. Stem Cells Translational Medicine žurnalynda beýan edilen tejribe biologiki diş implantlaryny döretmäge tarap ýol açýar.

Ylmy gözlegçiler adamyň hem-de doňzuň öýjüklerini birleşdirdi. Adamlardan dentini we pulpany emele getirýän mezenhimal öýjükler, doňuzlardan bolsa syrça jogap berýän epitelial öýjükler alyndy. Doňuz öýjükleri, adatça, mal soýlandan soň zyňylýan diş düwünçeklerinden alyndy.

“Adamyň epitelial öýjükleri dişiň giçki ösüş döwründe elýeterli bolmaýar, şonuň üçin biz doňzuň öýjüklerini ulandyk. Bu haýwanlarda birnäçe diş toplumy ösýär, bu hem olary tüýs laýyk gelýän donora öwürýär” – diýip, alymlar belleýär.

Öýjükler bioinženeriýa karkasyna ýerleşdirildi we doňuzlaryň äňine oturdyldy. Üç aýyň içinde dişler tebigy ýaly ösdi, ýöne olar diş etini ýaryp çykmady. Gurluşy we ösüş tizligi boýunça olar adamyňka ýakyn boldy.
Ylmy gözlegiň maksady hassanyň öýjüklerinden diş ösdürmegi öwrenmekden ybarat. Alymlar uzak möhletleýin netijeleri öwrenmegi we usuly adamlar üçin uýgunlaşdyrmagy meýilleşdirýär.

“Häzirlikçe öz dişiňi mümkin boldugyndan uzak saklamak gerek. Eger olaryň ýitgisi gutulgysyz bolsa, biologiki implantlar olaryň ornuny tutup biler” – diýip, awtorlar belleýär.

Tehnologiýa stomatologiýada rewolýusiýany wada berýär: protezleriň deregine hassalar dikelmäge ukyply “janly” dişlere eýe bolup biler. Ýöne kliniki synaglaryň heniz uzakdadygyny bellemek gerek. 


şu gün 20:31
776

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.8k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.7k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......