Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 29.04.2025 11:11
  • 3.8k+

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Açilbaý Ramatowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Arkadag şäheriniň özünde galdyran täsiri barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen bina edilen “akylly” şähere haýran galandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy sanly we “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy esasynda bu ýerde adamlaryň rahat ýaşamagy, iri halkara çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir.
Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Arkadag şäherinde geçirilýän forumynda öňe sürülýän pikirleriň we teklipleriň geljekde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutany forumyň sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.
Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedowa gadymy Samarkant topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......