Ýaponiýada ýyldyrym urmasyny özüne kabul edýän dronlar synagdan geçirildi

  • 24.04.2025 17:55
  • 6.7k+

Ýaponiýada Nippon Telegraph and Telephone (NTT) kompaniýasy tarapyndan döredilen ýyldyrym urgusyny sowýan dronlaryň synaglary geçirildi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär.

Synaglar 2024-nji ýylyň dekabryndan 2025-nji ýylyň ýanwary aralygynda 900 metr belentlikde Hamada şäheriniň golaýyndaky daglarda geçirildi. Dronlar ýyldyrymy özüne çekmegi üçin tupan bulutlary golaýlan ýagdaýynda uçuryldy.
Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, dronlar ilkinji gezek elektrik meýdanynyň üýtgemeleriniň kömegi bilen ýyldyrymy özüne gönükdirip bildi. Urgudan soň dronlar abat galdy we hiç zat bolmadyk ýaly işini dowam etdirdi. Kompaniýa muňa ýyldyrym urmasyndan ýörite goragyň kömek edendigini belleýär.
NTT şeýle dronlaryň geljekde şäheri we infrastrukturany ýyldyrym urmalaryndan goramagyna bil baglaýar. Adaty ýyldyrymy sowujylardan tapawutlylykda, dronlar hereket edip bilýär. Bu hem olara howpa has takyk jogap berip, ýyldyrymyň ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki möhüm desgalara düşmek töwekgelçiligini azaldýar.

“Ýyldyrymlar henizem zyýan ýetirýär, diňe Ýaponiýada ol ýylda 100 – 200 mlrd ýena (takmynan, 700 mln – 1,4 mlrd dollar) bilen bahalandyrylýar” – diýip, NTT belledi.

Geljekde kompaniýa ýyldyrymlaryň peýda boljak ýeriniň çaklamasyny kämilleşdirmegi hem-de dronlar ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de, kompaniýa ýyldyrymdan alnan energiýany saklamak mümkinçiligini öwrenmek isleýär.


düýn 16:26
2.8k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 19:44
1k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

31.05.2026 13:26
1.7k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......