Gyrgyzystanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi

  • 24.04.2025 11:03
  • 2.9k+

23-nji aprelde Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Sadyr Žaparow bilen duşuşygy boldy.

“Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň maslahatlar binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny we Gyrgyz Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny beýan etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurda sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky okgunly ösýän syýasy dialogyň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Sadyr Žaparowyň 12-nji dekabrda Aşgabatda guraljak halkara forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirildi.

“Biz mundan beýläk-de siziň halkara ähmiýetli, dag meselesine degişli teklipleriňizi ilerletmek boýunça tagallalaryňyzy goldarys. Şunuň bilen baglylykda, 24-25-nji aprelde Bişkekde geçiriljek “Durnukly ösüşiň bähbidine ählumumy dag dialogy” atly halkara maslahata ýurdumyzyň degişli wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny aýtmak isleýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi we bu maslahatyň 2027-nji ýylda geçiriljek “Bişkek+25” ikinji ählumumy Bişkek dag sammitine taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyryna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň awgust aýynyň başynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini oňa gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly döwletiň Baştutanyny Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan transkontinental demir ýolunyň gurluşygy boýunça giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen gutlap, üstaşyr ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek babatda bilelikdäki işiň wajypdygyny belledi hem-de logistika boýunça ýerli merkezi döretmegi teklip etdi.

“Ulag ulgamy biziň hyzmatdaşlygymyzda wajyp orny eýeleýär. Biz sebitimiziň ulag-logistika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar üstaşyr ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmagy zerur hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyndaky we Hazar deňzindäki portlara çykmak arkaly Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan ugry strategik taýdan möhüm ädim bolup durýar. Biz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastruktura mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin özara kabul ederlikli şertleri döretmäge taýýardyrys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Taraplaryň tagallalary bilen ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz topary döredildi. Onuň ilkinji mejlisi şu ýylyň 28 — 30-njy aprelinde Bişkek şäherinde geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda has netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler beýan edildi.
Şeýle hem iki ýurduň ösmegine uly goşant goşan ajaýyp şahsyýetlere bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edildi.

"Biz Gyrgyz Respublikasynyň milli toparlaryny Türkmenistanda geçirilýän dürli ýaryşlara hem-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşmaga uly höwes bilen çagyrýarys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.


düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......