Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana bardy we Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine zyýarat etdi

  • 21.04.2025 23:45
  • 14k+

21-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystana bardy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän Türküstan şäheriniň Hazret Sultan halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstan şäherindäki “Hazret Sultan” milli muzeý-goraghanasyna baryp gördi.
Bu ýerde wekiliýet Baştutanlaryny Gazagystanyň Milli ylymlar akademiýasynyň professory garşylap, Türküstan şäheriniň taryhy barada gürrüň berdi.
Milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlygyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine baryp gördüler.


Aramgähiň içinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň müftüleri  Gurhandan aýat okadylar.
Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine zyýarat tamamlanandan soňra, iki ýurduň müftüleriniň gatnaşmagynda türkmen we gazak halklarynyň degişli däp-dessurlary ýerine ýetirildi.


Aramgähiň töweregindäki meýdança “Hazret Sultan” taryhy-medeni muzeý-goraghanasynyň çägine degişli. Aramgäh orta asyr binagärlik sungatynyň eseridir.
Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi 1385-1405-nji ýyllarda emir Timuryň (Teýmirleňiň) buýrugy boýunça gurlupdyr. Binanyň gurluşygynda öz döwrüniň öňdebaryjy binagärlik çözgütleri ulanylypdyr.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....